Bidöwlet kesbi
Pedefili goraýarlar,
sylaýarlar, arkasy bar,
prokuror, kazy, sülçi,
goraýarlar parahory,
wezipesin satyn alan,
bergisini üzmeli ol,
baýamaly üstesine,
gynaýany goraýarlar,
sylaýarlar zorlaýany,
aýal, erkek, çagalary,
näme etsin emel ýeten,
goraýarlar, kötek güýçli,
ýüňden gazyk sümýär ýere,
ýok edýärler şahyrlary,
ýazmalaryn goýmasalar,
hakykaty, bolşy ýaly,
islenişi ýaly däl-de,
ar alýarlar hakykaty
ýazjak bolsa žurnalistden,
çagasyndan dogry sözliň,
dogan, gardaş, doganoglan,
çykanyndan ar alýarlar,
öç alýarlar ýegeninden,
ene-ata, daýy-daýza,
gözi ýolda, har edýärler,
ar alýarlar ölenden-de,
ýatan ýerin dar edýärler...