Surat

Milli mafiýa

Saglyk-paglyk dildüwşügi,
iň güýçlüsi diýdi adam,
bilim, diplom oýnundan soň,
soňra hukuk oýny gelýär,
garakçylar ýolda duran,
uran, çapan ili basyp,
güldi adam, hehe-hehe,
ogry-jümri, kezzap ylgap,
ogul-gyzyn salýar gelip,
okuw jaýy hyryn-dykyn,
ugur gözläp ýaryşýar il,
malyn satyp meýdandaky,
bergi-borja batyp käsi,
araçy kän, kanun, döwlet,
din ýa iman gülki boldy,
prokuror bolmalylar,
kazy, sülçi, ýa aklawçy,
gülýär dilçi boljaklara,
ýazjaklara goşgy, kyssa,
wasp edersiň meni diýip,
ýa ölersiň özüň iýip....

Sada çopan, goýun bakyp,
ekin ekip sada daýhan,
radio diňlän bolýar,
käte aglap, käte gülýär,
günde diýýär Alla bardyr,
ynsap bersin başlyklara,
soň okaýar goşgusyny
ynsap hakda ýazan ogryň,
eli ýetse hemmesini
satjak baryp sözi dogryň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026