Adam özün sylamasa
Adam özün inkär etse,
aý, men näme, aýtsam, diýsem,
kim diňlejek sözüm diýse,
ýa elimden näme geljek,
goldajak ýok diýip sümse
tapan köne ýorganyna,
ylalaşsa ýylan bilen,
içýän bilen, çaksa-da kän,
diňe meni çakanog-a,
kesbi şeýle, Alladan bu,
akyl satsa, sabyrly ol,
kanagatly, dargursak däl,
aklan bolsa özün, sada,
samsyk ýolyun saýlap alyp,
özün sähel sylan görse,
ýykjak bolar badak salyp...
Adam özün inkär etse,
sylamasa özün ilki,
ýa sylasa çekinenin,
nadara ýa kürsüsi bar,
a soň diýse durmuş şeýle,
ogry-jümriň döwri geldi,
gün görmeli diýip gülse,
galanyna ömür bersin,
wagt ýitirme baryp, ölse...