Gaz reallygy
Nebit-gazly döwlet bolsaň,
geregi ýok kitaplaryň,
oýlandyrýan, agyr, sorag
berjekleri basyp aşak,
oturtmaly mekdeplerde,
janly diwar edip käte,
gygyrtmaly şygarlara,
ýazyjylar, şahyr boljak,
ýazsyn diňe sowetleriň
ýazyjysy, şahyry dek,
çap edilýän eserleri,
gadagan däl hiç döwürde,
hem kän derde ýaramaýan,
gyt bolmasa gerek kagyz,
nebit-gazly döwlet bolsaň,
gerek saňa arzan agyz,
diý diýeniň diýýän günde,
köp bolmaly arzan işçi,
aýlap, ýyllap gürlemeýän,
geregi ýok pikirlenýän,
ýa utanýan adamlaryň,
emedekläp ýaşamakdan,
sat gazyňy, gorkuz halky,
galdyrmasyn ýüzün ýerden,
gaýgy etsin çagalaryn,
daň çörege, çaýa ýüpsüz,
az bor diýme goldan, ogluň,
gyzyň bilen ilden köpsüň!..