Sabyr strategiýasy

Sen bir gapy, ýapylmaly,
döwlet üçin, tankyt etseň,
başga pikir etseň çala,
ýa sorasaň soraglary,
soralmaýan açyk, göni,
aýlygym az diýseň bolmaz,
ýa-da günde çörek gaýgy,
döwük-ýenjik köpri, ýollar
çukur-sukur, düzelmeýär,
suw kesilýär, kesilýär tok,
gaz satylýar, ýöne puly
ogurlanýar gurluşykda,
kim günäkär, sorag berseň,
çolarandyr daşyň görseň,
eden ýaly etmesiz iş,
ýa sabyrsyz, kanagatsyz,
ýa kemakyl, däli, tentek,
garaşar il diýýän ýaly,
wagty gelen däldir entek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026