Tutulmadyk ogrular
Bäş-alty ýyl, asyr ýaly,
wezipeli bolan açgöz,
çölde goýman başga saman,
soň aýrylan kürsüsinden,
ady ýaman, galan aman,
jogap bermän edenine,
toýda, ýasda, ýa köçede
gabat gelýär, salam berýär,
ýa berýärsiň özüň salam,
deň bolmadyk bolup, kişi,
elden gelse, urjak bolan,
dilden gelse, gara çalan,
adam ýaly gürrüň edýär,
senem şeýle, içde galan
öýke-kinäň basyp aşak,
gowy adam, geçirimli
bolan bolýaň, aýyp, haýp,
tutulmaly kezzap ýene,
ýüzi gyzman bolýar gaýyp...