Çykalgasyzyň çykalgasy

Goşulmaly aýak bolup,
ýumruk bolup goşulmaly,
ýaran bolup, şärik bolup,
basgylaýan gatlaga sen,
emel ýeten uly, kiçi,
günde urýan ýüz-gözüňe,
bilen bolup hossar, arka,
gysymynda bokurdagyň,
düşünmedik bolmaly sen,
hakykatda näme bolýar,
diýdirmezlik üçin dönük,
dogan-gardaş, ogul-gyzyň
yzarlanyp ölmez ýaly,
ýa gysylmaz ýaly beter,
ömür boýy galyp bendi,
diýmeli sen diýmejegiň,
hä, hawasyn berip şeriň,
garşy çykyp iki-ýeke,
ýok, bu ýalan diýýänlere,
ýaşamaly yza çekip,
basyp aşak özüň günde,
bir çykalga – gül içiňden,
ha ýurduňda, ha sürgünde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026