Adam we ölüm

O bir bende ölende,
tarpa-taýyn ýa ýatyp,
gowy adam, gowy däl,
bozan adam arasyn,
ýa aralyk, peýdasy,
zyýany ýok görnetin,
bary-ýogy deňeçer,
habar geler dessine,
tanyş-biliş ýetirer,
ýat illerde bolsa-da,
görmese-de onbir ýyl,
bu birleri begener,
ýeri giňän mysaly,
suwsuz ýatan, ekilmän,
pili poslap on ýyllap,
beýlekisi gynanar,
ölüm düşer ýadyna,
ýöne derrew unudar,
geň galmaýyn diýsem-de,
mydam biri gidende,
geň galýaryn kä kişä,
özi galjak mysaly,
ýüzi gülse, ýylgyrsa,
hiç üýtgemez, bilýärin,
adamzat, dünýe dursa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026