Iň uly howp

Käte döwlet diýilýän
ili bilen döwlet däl,
aly bilen döwletdir,
hile bilen döwletdir,
gara güýçdür, ejizi
basgylaýan, öldürýän,
terror onuň ýaragy,
duşmanyny güldürýän...

Onuň üçin adalat,
eger sende ne bolsa,
goýun-geçi ýa sygyr,
ýeriň, suwuň, baglaryň,
ar-namysyň, mertebe,
ömrüňe çen, ýekeje,
gaşyň çytman bermeli,
aý, diýmeli ýadadym,
gowy boldy aýdany,
tapan ýaly janyňy
daş işikden, köçeden,
boýun bolan bu oýna
elin çarpar ör turup,
köplük bolar kör bolan,
görseň öldürjek urup...

Ýöne döwlet döwlet däl,
öz-özünden, ýuwdarha,
temegine ýel düşen,
eli uzyn däl onuň
iýjek wagty gelmeseň,
guzy bolup aç gurda,
il eýesi bolmasa,
açgöz alar bar ýurdy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026