Surat

Adalat ýoly


Çyksaň eger adalatyň ýoluna,
asfalty ýok, otly, uçar – hatarly,
garakçylar kesse öňüňi günde,
ýüzün boýap, göz-gaşyny oýnadyp,
ýa üýtgedip eşiklerin, sözlerin,
urulaňda, sögüleňde durmasaň,
durjak ýaly edip, ýykylyp, sürşüp,
galsaň ýene indi galmaz diýlende,
ganyň ýalap, girseň ýene söweşe,
dogan-gardaş, dost-ýar, iliň, guwanjyň,
çekilerler, gazan borsuň garasy
ýokjak her bir golaýlana, gelene,
ýöne göreş berer iliň ne berip,
ne yzyna alyp biljek zadyny,
göterersiň tä ölýänçäň gizlemän,
eneň, ataň saýlap dakan adyny...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026