Özünden gaçýan halk

Öňem birniň aýdyşy dek,
bize pişik gerek gowy,
gara ýa ak, ýa-da sary,
iň esasy syçan tutsun,
köýen ýaly öňden ary...

Ýok, pişik däl, diýdi biri,
bize adam gerek, dogan,
bir el – bir el, goranmaly,
duşman ýetik içimizde,
daşymyzdan gelmeli däl,
el gerek däl jübimize
gözün dikýän arly ýaly,
dogan bolup, gardaş bolup,
ýegen bolup, ýa-da daýy,
daýza bolup iň beteri,
aglan bolup ejeň ýaly,
diňe bir ýa ikimiz däl,
ulus bolup bolduk maýyp,
bize lukman gerek, dogan,
medmafiýa, pedmafiýa,
ýa-da hukuk mafiýasy,
beýlekiler, ýylan bilen
tä çakýança ýaşaýanlar,
diplom alyp gelen gowy,
ýa aglaýan diplom ýetmän,
gaçyň ýurtdan, emma beýdip,
özüňizden gaçyp, ýitmäň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026