Gymmat düşen bilim

Döwletbaşy gowy bilýär
eden zadyn il-ulusa,
özünden öň edileni,
gelejegi ogurlanan,
bolan bolup sada, samsyk,
bilýänini bilýär iliň,
şonuň üçin bir çäresi,
bir çykalga gorkuzmaly,
ürküzmeli çagasyny,
gypjyn-gypjyn bolar ýaly,
galar ýaly gowagynda,
okuw diýip okuwsyzyň,
alar ýaly sapagyny,
ýapmaly ol gapylary,
derwezäni, diňe terror,
diňe basyş gerek oňa,
döwletbaşy bilýär gowy,
saklamaly her gün daňy,
atdyrmajak bolup, gülüp,
oýnamaly oýnadany,
bir, ikisin urup, degmän
kökermeli köp adamy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026