Gadaganlyk sebäbi

Men ýurdumda döwlet äri,
il adamy bolanlaryň,
duranlaryň iş başynda,
din-imanly bolan bolup,
din-imansyz bolmagyny,
bozulmagyn islemerin,
islemerin bölüjini,
birleşdirmek deregine,
agzy ala edýän ili,
müňkürleri islemerin,
gorkusyndan bu dogany
o dogana garşy goýýan,
küşgürýäni islemerin,
açlyk sepip il içine,
ala tutýan adamlary,
jynsparazy islemerin,
islemerin zalymlaryň
galmagyny garawsyz, dok,
alyp-alyp adam janyn,
çaga diýmän, garry diýmän,
gygyrmaryn şöhrat diýip,
sesim çyksa, diýerin ýok!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026