Gulak guly

Gulagyndan gul ederler adamy,
aç-hor edip, dowul salyp kalbyna,
ýa ol bolar meýletinçi, hä berip,
aýdylana, diýilýäne gaýtalap,
sorag berýän iki, ýeke, geň görüp,
ýok ediler bir gezek däl, dowamly,
huşy kelte, dili uzyn köplügiň,
ýaňsylar ol many, mantyk yzlany,
dyzan bolar daşda bolsa ýagysy,
bilmez gepi nirelerden çykarar,
ýöne bir gün, ynanmarsyň, uzakda,
düşer gurlan, gurulmadyk duzaga,
çykmak üçin bir kelle däl, ikisi,
ýa dördüsi gerek diýseň, gysganar,
ýa dar görer meýdanyny göreşiň,
gel, bileli, seredeli öň, yza,
aw bolmaly öňýetene gyssanyp,
diýseň, aýtsaň duşman borsuň özüňe,
kitap berseň, okamaga ýaltanar,
agram salyp kellesine, gözüne,
şondan onuň ilki ene-atasyn,
soň ogluny, gyzyn sürüp mal ýaly,
saklar tanan agylyndan çykarman,
ýorunja bor ýandak berse bal ýaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026