Ýalan millilik
Sen türkmeniň ak telpegin,
gyrmyz donun geýýän bilen,
ýalan ýaşap bütin ömri,
türkmen bolup galanlaryň,
dirilýäniň günde ölüp,
ýok edilýän döwri iliň,
papak geýip obasynda,
ýaşaýanyň dişläp dilin,
ýa ýat ilde aglaýanyň,
gözlerini gizläp ilden,
parhyny ýa tapawudyn
aňşyrjak bol, bolma sada,
samsyk diýip gülmesinler,
ýa görünme, gömül diri,
baryň, ýoguň bilmesinler...