Surat

Gelmedik gün

Ol gün geler, hemmeler
diýer menem garşydym
seni ezen adamlara,
uranlara urman daşdan,
süýränlere sürgünlerde,
ol gün geler, ynanýaryn,
hemmeler bor maňa ýaran,
ýöne olar ondan ozal
öz-özlerin, ýakynlaryn,
çagalaryn satar arzan,
satar arzan gözel ömrün,
ýaşamaly özi bolup,
heýkel dikip ezýänlere,
gezýänlere il üstünde,
aýakgaply, sylasalar,
haly ýaly, ýumşak, tekiz,
ol gün geler, men bilýärin,
ilem bilýär, ýöne häzir
ýarany ol köp gülýäniň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026