Bir galjak zat

Her bir sözüň, ak kagyza
ýazýan irden turup, turman,
galam gözläp başujyňdan,
her sözlemiň, sünnälenen,
umyt, seni döretmeli,
ýaratmaly ýaradanyň
islegine görä, bolsa,
ýazma özüň zorlap, ezip,
öz ahlagyň bozýan sözi,
sözlemleri, bilip, bilmän,
ýarar diýip bilerine,
özi näme, bilmän ýören,
yza çekýän köpçülik bor,
düşme ýesir el galdyryp,
gaharyňa, garym bolan,
sen sözüňe gatma awy,
urýanlary urjak bolup,
durjak bolup ýykanlaryň
garşysynda taýak alyp,
sow kelläňi, gara başyň
berme her bir agza salyp,
döret diňe sözüň, bolsa,
sözlemleriň, ertir galsa,
döretmeli seni senden,
ne güýç galar, ne şirin jan,
galjak ýeke sözdür tenden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026