Haýyr meselesi
Sessizleriň sesi bolsam,
sözi bolsam sözsüzleriň,
gorkuzylan, ürküzilen,
diýer adam ýaşlygynda,
gözi bolsam gözsüzleriň,
görmez bolan gözli bolup,
eli bolsam elsizleriň,
yzmaz bolan ysmaz dälkä,
tutsam tutup bilmedigin,
aýaklary bolsam güýçli,
epileniň dyzy, bili,
ysgyn gelmän, gaçyp, belki,
gitsem, ýetsem menziline
çagalaryň, naçarlaryň,
garrylary ýolda goýman,
ýoldaş bolsam agyr günde,
il-ulusa gerek wagty
azal bolsam, bolsam künde
diýer adam ýaşlygynda,
emma agyz, iýýän gülüp,
iýmelini, iýmesizi,
utanmaly, uýalmaly,
diýýän bilip diýmesizi,
diýip, walla, alajym ýok,
ýa-da bolup güp ynanýan,
oýnan bolýan roluny,
sahnasyny bezäp özi,
boljak az bor ulaldykça,
gördügiçe durmuş näme,
erki ýetse, bolsa gaýrat,
adam islär köpi mydam,
hem özüne az bor haýry...