Içde galan agy
Seniň ejeň öldürende,
el degirmän, daşdan urup,
garaşandyr ýagy bolan
aglaryňa diňip bilmän,
ýöne agy içde galar...
Seniň kakaň öldürende,
el degirmän, işden kowup,
garaşandyr ümsümjeler
aglaryňa diňip bilmän,
ýöne agy içde galar...
Pikirdeşler, raýadaşlar,
dogan-gardaş, ýoly bagly,
ýeke-ýeke döwülende,
garaşandyr ýagyň seniň
döwülerňe tap getirmän,
ýöne döwük içde galar...
Seýik bolup öz-özüňe,
onda, munda gurjak bolan,
pikiri ýok, ýok ynanjy,
nepi üçin iki günlük
öwüsýäni görüp günde,
çäräň bolmaz, gynanarsyň,
gam çekersiň käte ýatman,
içde galar ukularyň,
aljak seni bir gün atman...