Hökümet mantygy

Hökümetiň eli mydam
ak çykmaly, gan bolsa-da,
alsa-da kän ýetimleriň
elindäki çöreklerin,
ýumursa-da öý baryny,
naçarlary, garrylary
basgylasyn, gyş garyny,
tomus içjek suwun bermän,
päk çykmaly ady onuň,
öldürse-de türmelerde,
sürgünlerde erkekleri,
çagalarym bar-da diýýän,
el-aýagyn, dilin daňyp,
hökümete gerek bolsa,
akýan özün suwa zyňyp...

Adalatly urşy onuň,
belki, dömüp içde çişi,
ýarylarly bolsa bir gün,
goşun çekse goňşulara,
ýarag berip raýata,
basyp alyp, gyrsa çaga,
aýal-ebtat diýmän gülüp,
depilenler ýüzüne kän,
itilenler gorpa, bir däl,
onlarça ýyl, bilip, gelip,
diri galsa, özünden öň,
aladasyn edip onuň,
el-aýagyn, ädiginiň
ganyn ýuwup hökümetiň,
görkezmeli yhlasyny,
ygraryny gözi ganla,
sebäbi ol ak bolmaly,
päk bolmaly ady onuň,
garala sen özüň, erkek,
garala sen özüň, aýal,
sebäbi sen ýeke adam,
ýa maşgala, ýa bir taýpa,
ýa bir tiräň şahamçasy,
näme bolsaň näme boljak,
bolan diňe saňa boljak,
bütin ile, millete däl,
ol hökümet, sylanmaly,
gorkulmaly, durjak bolsa,
sen çapak çal diňe oňa,
gaşyň çytma urjak bolsa...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026