Dereksiz dil

Ähli ýerde oba şeýle,
ähli ýerde şäher şeýle,
dynç almaýar dili obaň,
şäherleriň, gerek zady,
gerek dälin bilip bilmän,
gürrüň edýär, durman käte,
görmek üçin öz ýagdaýyn,
aýyp gözläp özgelerden,
ýalňyş tapyp tonna-tonna,
gaç aýagyň bolsa abat,
gara ýokar barsaň ýanna...

Gaç tokaýa, daglara gaç,
baglar bilen gürleş, derdiň
düşündirjek bolman zordan,
biler özi biljekleriň,
geler özi geljekleriň,
ýalňyz goýman öljekleri,
ähli ýerde oba şeýle,
ähli ýerde şäher şeýle,
bilmän galýar bolanyny
dogan günüň eýýäm öýle...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026