Minnetli erkinlik
Daglarbaşy, Annasoltan,
Köpetdagyň ak gülüdiň,
lälesidiň ak sähranyň,
Lenini ýa partiýasyn
wasp etmändiň goşgy ýazyp,
asy bilen bolman asy,
ýüzün açdyň Moskwanyň,
gyrnak edip süýrese-de,
çüýreseň-de erksiz, dogan,
tanaýardyň özüňi sen,
sylaýardyň aslyň, belki,
Aman Kekil boljak däldiň,
basyp alan bilen gülüp,
orden, medal aljak däldiň...
Daglarbaşy, Annasoltan,
azat däl sen azat dälkä
basyp alnan il hem watan,
gutulmadyň öleňsoňam,
sagat gidip hassahana,
jeset bolup geleňsoňam,
goşgularyň ýitdi, ýandy,
bellikleriň, bölek-büçek,
tapylmady, ýa ýygnaldy,
gerek boldy, gör, kimlere,
ýurt satylan gula galdy...
Ýok, ol ýurduň azatlygyn,
erkinligin islemändi,
Kremliň eli eli,
bogjakdy gyz, gelin diýmän,
tä ölýänäçe öldürmeli,
saklanmaly basyp ili,
eli, agzy, gözi bagly,
dowam edip, berkidilip,
bolşewigiň ganly ýoly,
Iliç ýaly, berjek diýip,
ýok, ol ýeri berjek däldi,
berjek däldi suwy halka,
seniň sözüň oňa garşy,
seniň gözüň oňa garşy,
ýumulsa-da seretjekdi,
eger adyň ýok etmese,
il kalbynda ýer etjekdi...
Daglarbaşy, Annasoltan,
olar seni ogurlanda
diňe seni alyp gaçman,
alyp gaçdy bütin halkyň
ýetip gelýän azatlygyn,
galmaz ýaly ýerden galkyp,
tötänlik däl, deň-duşuňdan
saýlanypdyň, görünýärdiň,
tanalýardyň Aşgabatda,
tanalýardyň Moskwada,
merkezinde şeriň uly,
özün satýan hyaýyr diýip,
ýaşdyň, dogan, dogry sözi,
gerek sözi diňlejek bar,
geňlejek bar diýip tersi,
ýazdyň, ýandyň, goramalyň
bir şarpykdan urdy hersi...
Annasltan, Daglarbaşy,
sen azat däl, azat däl biz,
bilýär ähli şahyr, ýazar,
bagşy, ozan, heýkeltaraş,
görýär muny surat çekýän,
zergär görýär, görýär daýhan,
hudaý diýip, dyza çökýän,
öýde diňmän, aglaýan kän,
söz azat däl, azatlyk ýok,
arzuw diňe ýürekdäki,
ýok bilmeýän ýagdaýyny,
ýaşan bolup bagtly, gülüp,
bu islegi gelmişegiň,
bizi iýen ýüz ýyl bölüp...
Daglarbaşy, Annasoltan,
iten bilýär döşümizden,
basýan görýär aşak biziň
ölýänimiz günde nädip,
düşünýär ol edýänine,
gyran güni Gökdepede,
Gazawatdan soňra gelip,
telpegini zyňdy göge,
ýazyjysy, gözi ganly,
ýazdy açyk, gizlemedi,
gulduk diýip onda diňe,
muňa gelip bolduk aga,
bilen ýaly heýkelini
dikjegimiz bolup çaga...
Ýurt garaşsyz diýip bu gün,
seniň däl-de, ýurt lälesi,
Pyragynyň gapdalynda,
düşünmek kyn pikir etseň,
humarbazyň heýkeline
guwanmaly boldy millet,
azat bolup bilmedik biz,
ýaşaýarys çekip minnet...