Taňrydan haýyş

Bu süriniň wezipesi,
alyp gelen gorpa bizi,
iki-ýeke, soňky galan
žurnalisti almak, salmak,
gara jaýa, çykylmajak,
ýazyjyny, şahyrlary,
öň gadagan sanawynda,
çöregini tapsa, dursa
aýgynda, aýyplamak,
utandyrjak bolmak aýdyp,
diýip diýip bolmajagy,
bu süriniň missiýasy,
ikilikçi, emel ýeten,
ýa kowulan işinden soň,
ýazsa eger iki sözlem,
üç ýalňyşly iň azyndan,
akyl satmak ýazmak hakda,
howpsuz ýere çyksa arlap,
arslan bolar, meçew berer
o birine, ertir süýräp,
äkidiljek gassaphana,
bu süriniň bar maksady,
iki-ýeke, soňky galan
diregi-de ýykmak, Alla,
daýanjy-da ýykmak, Alla,
näme günä etdi türkmen,
Taňrym, beýdip, gynap alma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026