Sen gynanma, Han, Soltanym!

Ýurdy ýykan, bilýärsiň-ä,
ilki ýykdy mekdepleri,
işletmezdi galan bolsaň,
awy borduň günde şeriň...

Habar gelýär olam hassa,
bulam hassa, gowy bolan,
işin bilen işlemeýär,
ýa diýýärler soranyňa
olam öldi, bulam öldi,
at gazanan, derejeli,
ikilikçiň güni geldi...

Gowy okap, gyzyl diplom alypdym,
işim bardy, gowy görýän ýürekden,
16 ýyl yhlas etdim mekdepde,
okadýardym çagalary, garagöz,
ene-ata minnetdardy, bilýärdi,
ýygnak etsem, ýa ejesi, ýa kaka,
jogapkärdi, biri galman gelýärdi,
hoşlaşamda diýip gitme-dä, mollum,
haýyş etdi bir okuwçyň ejesi,
okadypdym öňem iki çagasyn,
bolanokmy ýene biraz işleseň,
diýdi diýip açdyň ýaramy, janym,
ýeke biz däl, il aglýar, Soltanym!

Zehinlidi, ugrukdyrsaň barysy,
okajakdy, ýokdy ýeke ýaltasy,
ýyl başyndan uly ýaly gürleşseň,
birki gezek öý işini etmese,
diýseň saňa nädip baha goýaýyn,
okan bilen okamadyk deň däl-ä,
adalatsyz bolmaryn-a seň üçin,
näme diýer beýlekiler, düşün-ä,
diýseň, aýtsaň, gyzarýardy ýüzleri,
belki, uzak gaýtalanan içiňde,
aýdýaň birden içde galan sözleri...

Sen gynanma, Baýram hanym,
gyzyl diplom aldym diýip,
işim bardy gowy görýän,
okadýardym çagalary,
mekdebimden, kärdeşlerden
uzaklarda galdym diýip...

Ýok, ol ülke sygdyrmaýar
gyzyl diplom alanlary,
okajagy, işlejegi,
ilim diýip, ýurdum diýip,
ýüreginden, yhlas edip,
görýärsiň-ä, geljegi az,
başaranyň çykyp gidip...

Öň ýokarda bardy diňe,
soňra gara habar geldi,
para aldy mekdebi-de,
baglaryn-da çagalaryň,
bölüpdirler klaslary
garyp, baýa, galan bolsaň,
yhlasyňy satyp müdir,
pul ýasardy, iki şaýa
okadardyň beg çagasyn,
para alyp, para berýän,
içi gülýän, hikir-hikir,
ýygnak diýseň, mes aýallar
heňkirerdi, seňki näme,
et günüňe diýip şükür,
sen gynanma, Han, Soltanym,
galan bolsaň çydamazdyň,
mundan beter bürüp pikir...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026