KNB zorlugy
Garaşsyzlyk ýarag boldy, kiçi däl,
bitaraplyk ýarag boldy, hatarly,
halka garşy çenendiler, atdylar,
ýaralady, eli agyr ýetimçe,
bolşewigiň ogly bilen birleşip,
basyp alan çekilse-de, dilinde,
öz dili ýok, ýalan-ýaşryk gürleşip,
gelmejek dek öz başyna edeni,
diňe bizi etjek ýaly aç, bendi,
biri gitse, beýlekisi tapylýar,
umyt etdik, ýurt açylar kem-kemden,
emma ýene demir gapy ýapylýar...
Bir, iki däl ýekirilýän, itilýän,
karam oýun dowam edýär, ütülýän,
tutulmaly guşuň sanawy uzyn,
para, para, diňe para işleýär,
dymyp bilseň, geplemeseň hiç haçan,
diliň bolsa, duşmany sen maşgalaň,
çagalaryň aç, hor bolar, knbeçi
aýtdyk ahyr, diňlemediň diýer soň,
peredaçiň, gelen zady yzyňdan
aç sakçylar hezil edip iýer soň...
Wiza bilen urlan millet aglaýar,
pasport bilen urlan millet aglaýar,
aglaýar il, çykyp bilmän daşaryk,
ýat illerden gelip bilmän aglaýar,
knbeçi zor, uzak gitdi, saklandy,
o milletiň açyk ýolun baglaýar...