Çagalardan ar alma!

Ýok, çagalar, aç aglaýan,
ýa ejesi, okamadyk,
ýa kakasy, işsiz galan,
ýa žurnalist, ýazýan başga,
galyplarda kerpiç bolman,
problema, mesele däl,
mesele mes begler munda,
güjeňleýän ogurlanyn,
ýurt eýesi bolan, talan,
alyp gaçan gelejegi,
ogly, gyzy aýnaýanlar,
hem olaryň ellerinde
ýarag bolan ile garşy,
ýurda garşy, aýlyk alyp,
para alyp arasynda,
okan bolsa, ýurda salman,
döwlet işi ezmek ýaly,
gezmek ýaly diňe atly,
ýa maşynly, ýa uçarly,
öýün ýykyp garyplaryň,
ýok, çagalar mesele däl,
alma ilden Alyň aryň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026