Ol ülkede, bu ülkede
Ol ülkede adasyny,
ýodasyny goraýar il,
adamlar bar ýurdum diýýän,
adamlar bar ilim diýýän,
paýlaşýan bar çöregini,
aç-hor görse, döwüp iýýän...
Bu ülkede beýle däl bu,
adamlar bar, açgöz örän,
doýmaýarlar beri-bärde,
goýmaýarlar hatda görde,
dogry sözli bolsaň urup,
üstesine öçli örän,
ar alýarlar çagalardan,
ozal tutup, däli diýip,
ýa-da diýip jenaýatçy,
töhmet atan žurnaliste,
gul bolmady diýip arzan,
gaharyny enelerden
atalardan çykaran han
öldi ahyr iýip, içip,
durup bilmän durmalyda,
ýa-da bogup öldürdiler,
ýassyk bilen, dost bolanlar,
duşmanlar däl, bellisi ýok,
ol ülkede adamlar bar,
halky ýykýar, kellesi ýok...