Halkyň bolşy
Hat ýazypdyr ogly köne tanşymyň,
şu telefon, jaň etsene eline,
seni ýatlap, kän aglady düýn agşam,
aýtjak zadym, diýjek zadym bar diýýär,
bellisi ýok saklanjagy näçe gün,
gijä galma, işiň kändir, bilýärin,
ölýär kakam, diýmese-de ölýärin...
Jaň etdim, hä diýdi, bildim sendigiň,
telefonyň sesi başgaça çykdy,
begendirdiň, sag bol, diýdi minnetdar,
saňa aýtjak iki agyz sözüm bar.
Sen daşynda, men içinde, kän zady
senden gowy, gaty anyk bilýärin,
bu milletde uly, kiçiň, geň örän,
bir, ýekeje, täk garaşýan zady bar,
olam birniň kowulmagy işinden,
bulaşmagy, gaýdyp dikelmez ýaly,
diýýär hemme öňki örän gowudy,
kän kowýardy azanlary göz edip,
hiç parhy ýok, ýakyn-ýady, günäli,
ýa bigünä, gyzyklanjak, biljek ýok,
güljek diňe, hehe-hehe, depdiler,
awutdylar syrtyn diýip mazaly,
men o sözi aýtmaýaryn üç harply,
biri diýdi, öz çagam-how, öweý däl,
işden gelsem, gülýär ýüzüň salyk-la,
depdilermi diýip syrtyňa, kaka,
beýlekisi diýýär ýaşym dolsa-da,
dynç almaga çykmakçy däl ölýänçäm,
diýmesinler depdiler-aý ahyry,
aýnagonçly ädik degdi ...üne...
Diýdi tanşym sag bol, gowy diňlediň,
bar aýtjagym - halkyň bolşy şu diňe...