Sabyr dilegi
Ol diýýärdi gülen bolup türklere,
aýlyk berip, zaýalamaň türkmeni,
aldap ursaň, artyk ýaly sylagyň,
ezseň, belki, gowy görýär jemagat,
atam diýip, ýatlaýarlar ölseň-de,
ýa men hassa, ýa-da meni ýigrenýän,
münen ýaly aýlaw baglan bedew at,
ol gün gelsin, demir gapy açylsyn,
suw bermäge teşnelere ýetişip,
saramaga ýarasyny ilimiň,
Alla, maňa bereweri kanagat!..