Pesiň beýikligi
Adam gürrüň edýär adam hakynda,
ýüzüň gyzýar, utanýarsyň, bileňok,
aýdylýan zat çynmy, ýalan, sebäbi
bolşun aýtmak gybat bolsa adamyň,
goşmak, ýoýmak eşideniň bilmezden,
ýa göreniň has çişirmek, uçurmak,
töhmet bolýar, bäri-bärde durmaýar,
diňlän pahyr ýeňsesini dyrmaýar...
Adam gürrüň edýär adam hakynda,
gaçyp çykan, özi ýaly mysapyr,
ýara salsa ýüregine, begenjek,
hezil etjek ýaly, tutýarsyň kelläň,
diýýär o bendäniň ejesi öldi,
belli adam, uly bolan kürsüsi,
belki, işi düşüp, kineli galan,
Aşgabatda tapylmady jaýlajak,
bardym diýýär, haýyş edip geldiler,
Alla, diýýäň, haçan beýle peseldik,
haçan beýle minnet ogly, keseldik,
dermany ýok hassalyk bu, ölüm bu,
beýik bolmak başga birin peseldip...