Gepleýän adam
O birisi birin öwdi,
ölenden soň, eşidipdir,
gören, bilen adamy däl,
atasymyş o biriniň,
bu biriniň gaýny, pahyr,
ýatan ýeri ýagty bolsun,
halal ýaşan diýdi örän,
işläp iýen çöregini,
kanal gazan buldozerli,
sowet döwri, düzüw ýaşap,
ogurluga ýa ýalana,
egrilige baş goşmady,
taryp etdi birin adam,
öň diýýärdi SSSR-de
gyrp-çyrp etmän, para alman,
para bermän ýaşaýyş ýok,
çaý, çörek ýok ogurlyksyz,
kezzap boldy ähli adam,
satdy dogan doganyny,
aç ölmeli, ... iýmeseň,
o birisi birin öwdi,
gepläp öljek zat diýmeseň...