Iň owadan söz
Ol ülkede senzura
iň owadan söz boldy,
aýdylmaýan daşyňdan,
ýöne bilýär hemmeler,
düşünýärler diýdirmän,
soraýan ýok manysyn,
kanunlarda gadagan,
ýol berilmez senzura,
emma şahyr, ýazyjy,
žurnalistler bek bilýär,
diňe olar däl, dogry,
emel ýeten düşünýär,
döwlet aşyk bu söze,
sebäbi bu bar dişiň,
agyzlynyň geplejek,
döwülmegin aňladýar,
aňladýar bu zuluma
daýanmagy ejizläp,
gorkup hakdan, çynçydan,
şonuň üçin bu sözi
eje diýen sözden-de,
perzent diýen sözden-de
gowy görýär hökümet,
diregi ol, daýanjy,
dogulana, dogjaga
öňünden gurlan duzak,
ýok, bolmasa, senzura
saklanjak däl şer uzak...