Talaňçylyk hukugy

Eger döwlet ýalňyşsa,
ogurlasa wagtyň seniň,
bagtyn gelýän nesilleriň,
bir däl, yzly-yzyna,
gysyp ili, doguljak
çagalaryň atasyny,
enesini maýyp etse,
gerekmejek urşa başlap,
gora diýse watanyňy,
ýok diýmeseň, gülüp gitseň,
ölseň, galsaň ýat illerde,
ýa GULAG-da diri ýitseň,
aý, bolýar-da diýmelimiş,
emma adam, çig süýt emen,
ýalňyşmaly dälmiş, döwlet
näçe talap, hor etse-de,
dar etse-de gözýetimin,
haklymyş ol näçe iýse
hakyn naçar ýa ýetimiň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026