Uzaga çeken geçirimlilik
Geçirimli bolmak gowy,
bagyşlamak başgalary,
il üçin däl, özüň üçin,
ýüzüň üçin, gözüň üçin,
beýniň üçin, ýürek üçin,
bagyr üçin peýdalymyş,
aý, deň bolma, öz üstüňde,
diýen borlar işle, çalyş...
Ýöne çydam elmydama,
soňy bilen, ýuwaş-ýuwaş
düwün bolýar içiňdäki,
a sen diýýäň ýok, sabyr bu,
kanagat bu, hakdan gelen,
emma kem-kem düşünýärsiň,
öz-özüň taşlamak bu,
terk etmek bu orta ýolda,
köpeldikçe yrga hally,
nämedigin bilmeýänler,
ýaşaýanlar özün aldap...
Sen her gezek ýuwudaňda
kişi bilen aralykda
serhet edip goýan çägiň,
geçireňde geçmesizi,
ýüki bilen arkasynda,
alyp gelýän, gör, nireden,
deň bolmaýyn diýip, basyp
ýatyraňda içki sesiň,
hasaplaýar biri baryn,
soňra gelýär hasap güni,
toplanyp kän, bir, iki däl,
üzülmedik bergi bolup,
geçirimli bolmak gowy,
gowulyk ýok ölseň dolup...