Göreşeni ýigrenerler

Göreşeni, göreşýäni
ähli döwür ýigreneler,
gul bolanda iller uzak,
diňe öýde busanlar däl,
emel ýetip, ortalykdan
uly, kiçi susanlar däl,
göreşenler, göreşýänler,
ýa göreşe şärik bolan,
o tarapdan, bu tarapdan,
oýunmy-çyn, düşünmersiň,
has ýigrener jan edýäni,
başyn goýup, ölýänleri,
bilýänleri bojak işi,
ýöne diýýän mugt ýa arzan,
ýa garaşyp ölmäýin-le,
gelmäýin-le oda ýanman,
hakykatda tanap ony,
ýirenerler göreşýäni,
öz tiresi, biri sanman,
iri bolsa, iri sanman,
ownuk daşlar köp bor mydam,
kim goşulmaz gykylyga,
eli ýetse, urjak bolar,
uly ýolda durjak bolar,
dili ýetse, ýara salar,
bu adaty gul bolanyň,
pul bolanyň pikir-oýy,
ýigrener ol çyny bilen,
jyny bilen bir bolany,
bir galany agyr ýolda,
göreşeni ýigrenerler,
sen bir beýle bolma, golda!?.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026