Şahyr, bagşy ykbaly
Halk bilmese galanyny tozanda,
ýa bilmese ýurt ärleri ýagdaýyn,
ýa-da bilip, ili saklasa tümde,
ýalan bilen, talaň bilen, gaýtalap
boş sözleri, ertekini otuz ýyl,
hem begense ezýänine milleti,
gorkuzýaryn diýip, guwansa güýje,
süýji günlerine, özüni aldap,
gaçsa ili, çörek gözläp gitseler,
çagasyny eklemäge ýat ile,
jübüsine girse ýoluny baglap,
atasy bar, enesi bar ýetimler,
naçar ene, ata ýalbarsa aglap,
rehimi, şepagaty bolmasa,
hajy bolsa üstesine, Alladan
gelýär diýse ýerde bolýan barça zat,
şahyr, bagşy ýa dälidir, ýa nadan...