Gapy derdi

Gapy ýene ýapylýarmy,
açyl-açyl bolan çala,
galňaýarmy gara sanaw,
gysgaldylan ýaly bolan,
garalýarmy ýollar ýene,
iki günlük ýagtyldylan,
zyýarata, ata-baba
mazarlara baş egmäge,
hoşlaşmaga ýatan bilen,
soramaga hassalary
mümkinçilik bolan işik
saklanýarmy ýene üýşüp,
hasap bilen, ak däl, gara,
arly, öçli ärler turup,
ilim diýen urulýarmy,
durulýarmy dost öňünde,
duşman ýaly, gurulýarmy
ýene gapan, ýene duzak,
diýilýärmi gelsin ýatlar,
ýakyn dursun ýene uzak?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026