Surat

Kyn iş

Sen guş bolsaň, saklanan
kapasada otuz ýyl,
ýa otuz bäş, elli ýyl,
75 ýyl, garaşyp,
açylarna gapynyň,
gözenegiň serpilip,
şeýle bolýar kämahal,
açylýar ýa yş açýar
derwezeler, demirden,
gulpy agyr, jygyldap,
emma galmak kyn ýerden,
ýatan bolsaň kän, ylgap,
çapyp uzak gyltyma,
salgymlara el salgap...

Sebäbi sen unutdyň,
ýa bileňok uçmagy,
görülmedik azatlyk,
ýa erkinlik howasyn
näme bilen içmeli,
ýa iýmeli näçeräk,
berkär ýaly aýagyň,
açyk gapy aňlatmaz
ýok bolanyn taýagyň,
ýok, ol gygyr diýmeýär,
döşe kakyp, men azat,
uçjak diýip asmana,
okly, ýaýly, görmeseň,
sapak berjek kän saňa...

Içiňdäki gorkular,
agyrdylan ýerleriň,
kökerilen goýun dek,
düýe ýaly duşakly,
aňa urlan gazyklar,
ýüp ýa zynjyr bolmasyn,
saklar seni butnatman,
tebibi ýok bendiniň,
bejermese özüni,
döwüp kem-kem kapasy,
darlyklary beýnide,
ýüreginde, hä diýmän
hassalara daşynda,
ikidilli, üç ýüzli,
bu kyn, mydam kyn bolar,
adam bolmak hak sözli..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026