Tanyşlyk tagamy

Sen sürüjiň kimdigini bileňok,
diýdi biri awtobusda, otluda,
ýa uçarda bilmeýärsiň kim seni
alyp barýar bulutlaryň üstünden,
emma gözüň ýumup, ýoluň dadyny,
lezzetini alyp, ýatýaň arkaýyn,
näme üçin ýurt başlygyn taryplap,
gije-gündiz öwseler-de ynjalman,
bildigiňçe, gördügiňçe işini,
hiç rahat tapmaýarsyň irkilip,
gara basyp turup, gysyp dişiňi,
sözler başga, gözler başga, ýüz başga,
okaýarsyň adamlary kitap dek,
tanamaýan bolsam diýýärsiň käşgä...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026