Içde galan hat
Meniň hakym almarsyňyz,
alan ýaly etseňiz-de,
goý, puluňyz bolsun uly,
güýçli bolsun arkaňyzda
duran duşman, hakyn alyp,
goý, türmäňiz bolsun gazap,
zulum-sütem – güýçli ýarag,
ölen, ýiten bolar, emma
gyrmarsyňyz bütin ili,
ondan birin satyn alyp,
ursaňyz-da galanlaryn,
kä taýak, kä açlyk bilen,
meniň sözüm dogry tapan,
bakyp dünýä öz gözünden,
bir, iki däl, köpdür çenden,
gördüm muny ýurt içinde,
ýurt daşynda, beter menden,
başga bolsa bolsun käri,
taýpasy bir ezileniň,
gaýgy-gamy bir almany
bölen ýaly, meňzeş örän,
kemsidilmek islemeýär,
hak isleýär ýerden ýörän...
Olar meni tanaýarlar,
tanaýarlar sizi has-da,
kän iýdirip haklaryny,
meniň hakym almarsňyz,
alan ýaly etseňiz-de,
türmä basyp, töhmet atyp,
eden ähli arzuwymy
ýalan ýaly etseňiz-de,
gülseňiz-de häzirlikçe,
baýnasaňyz uzak urup,
galamlyny gylyç bilen,
ynanmaryn hiç hudaýa
hiç bir haka, hakykata,
bir erteki ýaly, süýji,
çaga wagtyň gowy diňe,
ynanmaryn hiç kanuna,
ýöne bolman siz dek zalym,
ýaşamaryn ýüreksiz men,
bolan bolup ýalan alym...
Bu agyr ýol, gazanç üçin,
şaýy üçin çykylmaýar,
men hakymy gorap çykdym,
gorap çykdym çagalarym,
goramadym ogurlygy,
goramadym ýalany men,
goramadym talaňy men,
soramadym almyt, ekmän,
alma bişsin, gelip düşsün
diýmedim hiç agzyma men,
depdim ýerim, ekdim bagym,
meniň ýerim almarsyňyz,
almarsyňyz bag-bakjamy,
alan ýaly etseňiz-de,
awy bolar alanyňyz,
özüňize, çagaňyza,
ýok, bolmasa hiç bir haka,
hiç hudaýa ynanmaryn,
görüň ili, gülýän bolsa,
göze gymmat äýnek dakyp...