Bir adam
Biri çykar bir obadan,
ýüz obadan çykmasa-da,
bir özün däl, ezileni
goramaga müň obada,
ildeşlerin, ildeş dälin,
bilip, görüp, aýňalmaga
goýulmadyk, diýip däli,
eger sözün aýtjak bolsa,
biri çykar bir obadan,
öňki çykan ýolda galsa,
ezileni gorap, durup,
gorap özün, mertbesin,
ezijiniň garşysyna,
belki, ony üýşüp urup,
garadonly, har ederler,
bu bolan zat, bolmaly zat,
iller bolsa tomaşaçy,
giň dünýäni dar ederler...
Biri çykar bir obadan,
ýüz obadan çykmasa-da,
salym salman ara sähel,
urlan uzak, gyrlan uzak,
ýerden turup, durar hökman
güýje garşy, dymsa-da il,
görüp durup, bilip, çekip,
göz-görtele sütemleri,
kemsitmäni ýüzlerçe ýyl,
meýletin ýa mejbury gul...
Biri çykar bir obadan,
dik tutar-da başyn bir gün,
bilip boljak işi, agyr,
il diýilýän, meger, şondan
öt öndürýän gara bagyr...