Galmagal çäresi
Söz sözleýän, pikir, garaýyş satýan,
bilmän näme diýýänini aslynda,
ýa-da bilip, haýry basyp şer bilen,
şeýle bir bol, çäç harpyga gömüldi,
agyz batyr beýni çekilse yza,
görnüp duran gep, sözünden kimdigi,
okan bolsa, iki kitap okandyr,
ýa görendir üç-dört kino, düşünmän
ýazanlaryň, ýananlaryň derdine,
aýa özüň, gözüň aýa, söz aýa,
bu goh-gowga hötde geler ýer diňe...