Hakym diýip gygyr

Şahyr bolup, şa şahyryň goşgularyn ýazmasaň,
goşulmasaň odaçylar ýygynyna, galman yza,
ýa ýazyjy, ýa žurnalist, gözlemeseň gözelligi
ýok ýerinden, üstün örtüp zorlyk bilen sütemleriň,
töhmet atsa gözi gyzyl çynyn aýdan ynsanlara,
agzy bolup, sözi bolup, eli bolup urmasaň,
boýnuňa al, öňde agyr, kyn synaglar garaşýandyr,
ýykylarsyň her gün içden ''hakym'' diýip gygyrmasaň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026