Uzaga çeken şer
Millet beýle agyr güne düşmeýär,
erkekleri ownamasa çen-çakdan,
ýurt ärleri egsik, ejiz bolmasa,
ýigrenmese ýalany däl, çyn sözi,
ata-baba adyn gorap ýalandan,
şahyrlary ýuwup urşuň ýüzüni,
eneleri köşeşdirse aglaýan,
jenaýaty paş etmegiň ýerine,
dogurdyň-a diýip ogluň il üçin,
gaçmaýar il çuň çukura tötänden,
çykylmajak bäri-bärde, ýa aňsat,
utanýar ol düşündikçe halyna,
doglan ýaly öz-özüne bolup ýat...
Biri diýdi 37 ýykdy-da,
ýetim ösdük, şeriň şarpygyn iýip,
döwlet äri bolmalylar, gözi aç,
garny doýman, balagynyň bitini,
gyzýan tamdyr tapsa, kakyp ulaldy,
a beýleki diýdi ýykylan ile,
ýatyp bildi, indi turarça boldy...