Açyk para syýasaty
Para gowy, pul gowy,
beren, alan razy,
azaşsa-da käte dil,
bilýär muny hemmeler,
gymyldy ýok parasyz,
pulsuz kilim kakylmaz,
maly, halysy bolsa,
ýa-da satsa özüni,
mertebesin has arzan
atsa aýak astyna,
kimler orden dakynmaz,
para gowy, din-iman,
ata-baba däp öldi,
hajy boldy eçilen,
uçar münüp mugtuna,
alan, beren meňzeş däl,
ýöne çäre ýok başga,
syýasaty döwletiň,
garşy bolsaň, gez daşda...