Döwük döwlet
Biziň ejemizi öldürdi döwlet,
dowul salyp ýüregine aý-ýyllap,
biziň kakamyzy öldürdi döwlet,
dowul salyp ýüregine aý-ýyllap,
indi özümize dikýär gözüni,
nyşanasy ýüregimiz, bagrymyz,
çünki bilýär bilýänimiz edenin,
bir günämiz, iň esasy, belki-de,
hä bermedik her gepine gideniň,
ilin oýnap, özün oýnap, şa şahyr,
baky beýik bolan bolup ýiteniň...