Duşuşyk
Sen oňa ýer bersem diýýäň,
oňa ýer gerek däl ýaly.
Sen oňa suw bersem diýýäň,
oňa suw gerek däl ýaly.
Sen oňa ýol gursam diýýäň,
geregi ýok ýaly ýoluň.
Sen diýýäň internet gelse,
ol sepil yzynda malyň...
Diýýäň: "Erkiň bolsa biraz,
biraz eliň giňesedi."
Ol diýýär: “Kolhoz gowudy!”
Soň dymýar aşak esedip.
A sen onuň çagalarnyň
gelejegin edýäň pikir.
Ol diýýär: “Uruş bolmasyn,
muňa-da kän edýän şükür!”
Diýýäň: “Bizem uruş-gowgaň
yzynda däl şunça ýyllap...”
Ol elin agzyna tutup:
“Ýorlupdyrn-aý” diýýär pallap.
“Barybir goldamaz kimse,
tersine bolar edeniň.
Gördük nirden çykýanyny
başlyga garşy gideniň...”
Sen turup, hoşlaşýaň gamgyn:
“Görüşmesek, yrza boluň.”
Ol ugradýar gapa çenli,
hem galgadyp galýar golun...