Mukaddes kanun

Aman-esen galmak üçin,
almak üçin hak-heşdegiň,
köýen aryň uly ýolda,
mätäç wagtyň eliňdäki
çöregiňi alan aldap,
ýa-da salan kyn ýagdaýa,
ýüregiňi, päliň bilip,
galmaz ýaly içi gülüp,
iň mukaddes, iň bozmasyz
kadasy bar, kanuny bar
öwrenmeli bu durmuşyň,
iň esasy ýylgyrmaly,
ýalandan däl, ýüregiňden,
göni garap gözlerine,
gurýan wagty hile olar,
häsin berseň, ýakyn dursaň,
gürrüň etse, her zat bolar,
sen darykma, begen gaýta
samsyk saýsa, açsa sepin,
öwren gowy duşmanyňy,
içiň bermän, gürlemän kän,
çykar many her sözünden,
aýdylan hem aýdylmadyk,
soň bilersiň bilmedigiň,
ýoluň uzar, gaýdylmadyk,
kesilmedik, ýöre, durma,
daşdan görnüp, ýakyn barman,
aljagyňy bilmän urma!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026