Uruş ýyllarynyň çagalary

Olar urşa ogurlatdy atasyn,
agalaryn, daýylaryn, sesinden
gulaklary ganman ýitirdi olar,
gözün açyp gören onlarça ýüzün
görmediler soňra gaýdyp diwarda,
çarçuwada suratlary bolmasa,
çaga bolup, oglan bolup ulalman
galdy olar gorky çöküp gözünde,
ýok, bu däldi hemmejesi talaňyň,
olar ogurlatdy ynamyn dünýä,
hakykata, adalata, bolmaly,
oňa derek barha ulaldy şübhe,
güman alyp gaçdy imany atly,
ejeleri, eneleri pyýada
ylgamady, dyzda ýokdy kuwwaty,
gördi olar ulularyň uly däl,
ulaldykça ownanyny gypjynyp,
üýşenenin gürrüň etse gürrüňden,
iň esasy mekdep boldy pyşyrdap,
ýalançy-da diýýän oba jahana,
çynçy däl-dä, bolmady-da hiç haçan,
diýýän biri başgalasa ýurduny,
dyndy ahyr azabyndan dünýäniň,
diýmek, indi gowy bolmaly haly,
olar ogurlatdy özlerin, ýöne
soranlara diýdi günüm gül ýaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026