9-njy Maý goşgusy

Agam Annamyrat Annagurbanyň ruhuna bagyşlaýaryn

Goý, diýeli düşünmändir şahyrlar,
ýa bilmändir sebäbini, atasy,
agalary urşa gidip, gelse-de,
gelmese-de, aýdyp bilmän görenin,
bilenlerin ogul-gyza, agtyga,
muny, belki, düşünýäne, bilýäne
derkary ýok ýaňzytmagyň, diýmegiň,
düşünmejek düşünmeýär barybir,
hatda hatar oňa ýurdy söýmegiň,
sylamagyň gurbanlaryn ganymyň,
pidalaryn tylda ölen hor-homsy,
başlanýanyn aýdymdan däl, adyndan
urşa gidip, gelmedigiň her öýde,
goý, diýeli taryhçylar alaçsyz,
biz näme üçin baky galmaly göýdük?..

Goý, diýeli kinoçylar döwrüniň
ogly boldy, gyzy boldy, oýnady
çörek üçin oýnamaly rolun,
ýöne indi aýdyp durlar aç-açan,
ýa arhiwler, düşse üstünden ýoluň,
görkezip dur kim nirede ak saçyn,
ak sakgalyn sylamaýar gürlände,
ýa-da gözün ýumýar gorkup, galdyrap,
taryha däl, hatda aýna garanda,
o tarap däl, ähdiýalan, bu tarap,
ilki için üzüp serkerdeleriň,
Stalin, Molotow başlady urşy,
tarapynda Hitler hanyň, oýnadyp,
Gyzyl goşun, dogry, söweşdi soňra,
ozal goldaw berlen duşmana garşy,
ýöne baryp, basyp alnan ýurtlary,
erteki bu, walla, halas etmedi,
basyp aldy 45 ýyllyk owadan
ýalan bilen, ýöne uzak gitmedi,
hiç kim urşa yrylmady ýürekden,
ýuwulmadyk bolsa beýnisi, başy,
Ýeňiş güni, hakykatda baýram däl,
eneleriň, ogullaryn aldyran,
gelinleriň, ýardan galan ýaşlykda,
çagalaryň, atalaryň gözýaşy!..

Ýas güni ol, Matam güni, buýsanjyň,
badyhowa batyrlygyň güni däl,
güni däl ol aýdymlaryň, ýüreksiz,
güni däl ol goşgularyň, gereksiz,
baýrak üçin, zoraýakdan ýazylan,
bilip durkaň ömür tanapy gyrlan
esgerleriň, ýesirleriň sanyny,
edil doly bolmasa-da, kyn görüp,
gözleriňi ýumma, gulagyň dykma,
ogul-gyzyň aldanmasyn indi bir,
ýa gitmesin o bir hanyň gepine,
ýeri az dek, ýesir edip halkyny,
oýnap, gülüp, aragyny bol edip,
urşa sürýän ýoksullaryn iliniň,
dowamatyn görýär uruşda diňe,
goý, diýeli bilmänmişin şahyrlar,
yza çagyrýanyn diýende öňe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026